EN RU TM

Biz barada

“Ruhabat galla önümleri ”  önümçilik toplumy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda içeri we daşary syýasatda ylym-bilim ulgamynda, saglygy goraýyşda, medeniýetde, halk hojalygynyň  ähli pudaklarynda uly ösüşler gazanylýar.
 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe  “Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyda” ykdysadyýetiň ähli ugurlary bilen bir hatarda azyk howpsuzlygyny üpjün edýän oba hojalygyna hem aýratyn orun berilýär. 
Oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygynyň ýokarlandyrmagy, esasan-da agrotehniki çäreleriň öz wagtynda ýokary hili geçirilmegi, seleksiýa we tohumçylyk  işleriniň ylmy taýdan alnyp barylmagy we önümçilige dünýäniň öňde baryjy innowasion tehnologiýalarynyň yzygiderli ornaşdyrylmagy arkaly amala aşyrylýar. Ylmy-barlag edaralarynda gowaçanyň, däneli, kösükli-däneli, gök-bakja ekinleriniň şalynyň ýeralmanyň miweli baglaryň hem-de beýleki oba hojalyk ekinleriniň ýokary hasylly, iri ýetişýän we kesellere durnukly täze görnüşlerini döretmek hem-de önümçilige yzygiderli ornaşdyrmak, welaýatlaryň toprak-howa şertlerine laýyklykda, ekinleriň görnüşleri boýunça ýerleşdirmek işleri alnyp barylýar. 
        Türkmeniň öz kalbyndan dörän ekinine-ak bugdaýa şeýle uly hormat goýmagy, ony mukadess ekin hasaplamagy-ýöne bir köre-kör ynanma bolman, eýsem onuň şeýle wajyplygyna doly göz ýetirmeklerinden ybaratdyr 
 Bugdaý öndürlişiniň artdyrylmagy  diňe bir ýurdumyzyň azyk-iýmit pudagynyň ösmegine oňaýly täsir etmek bilen çäklenmän, eýsem maldarçylyk pudagynyň, kagyz, ot-iým, dökün, oba we suw hojalyk  tehnikalary senagatalarynyň, ylym we bilim ulgamlarynyň ösmegine hem degerli täsir edýär.
Ýurdumyz özüniň ak bugdaýy bilen halkymyzy üpjün edip bilýär, diňe üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem daşary ýurtlarada eksport edýär. Öndürilen bugdaýy zaýasyz saklamak we önüm öndürmek maksady bilen  2012-nji ýylyň noýabr aýynda  Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumy ýokary kuwwatly ülňülerine laýyk gelýän önümçilige dünýäniň öňde baryjy innowasion tehnologiýalary   bilen ornaşdyrylyp işe girizildi. Ýagny Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumynda  hil we kämil taýdan ýokary önümleri  öndürmäge ähli mümkinçilikler döredilen. 
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň şan-şöhratyny barha belende göterýän Arkadagly Serdarymyzyň  jany sag, ömri uzak bolup, il-ýurt bähbitli adam zat   ähmiýetli tutumlary mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!