EN RU TM

Biziň iş ýörelgämiz

Bugdaý hasylyny artdyrmak we gaýtadan işläp, olardan dürli önümleri öndürip halkymyza hyzmat etmek

Önümçiligiň zähmet taslamasy

Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumy esasy bölümleri özünde birleşdirip işjeň kuwwatlygy artdyrýar.

Toplumyň çörek kärhanasy bir gije-gündiziň dowamynda 40 tonna ýokary hilli çörek önümlerini öndürmäge ukyplydyr

Toplumyň elewator bölümi 1 ýylda 100 müň tonna bugdaý saklamaga niýetlenendir

Toplumyň unaş bölüminde bir gije-gündiziň dowamynda 48 tonna unaş önümleri öndürilýär

Toplumyň degirmen bölümi 1ýylda 80 müň tonna un öndürmäge kuwwatlylygy bardyr

Halta bölümi

Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumynda gaýtadan işlenen bugdaý, un, unaş, önümlerini gaplamak üçin niýetlenen polipropilen haltalaryny öndürýän ýöriteleşdirilen önümçilik bölümi ornaşdyrylan. Bu bölüm 1 ýylda 18 million sany polipropilen halta öndürýär hem-de beýleki kärhanalara hödürlenýär.

BEREKETLI TOPRAGYŇ BEZEGIDIR - AK BUGDAÝ

Bugdaýyň adamyň durmuşyndaky ornuny hiç bir zat bilen deňeşdirip bolmaýar.  Mukaddes topragymyzda ýetişdirilýän bugdaý, onuň unundan bişirilýän çörek türkmenlerde ýedi hazynanyň başy hasaplanylýar. Çörek her bir türkmen öýüniň azyk-iýmiti, gündelik saçagynyň bezegi, myhmana ilkinji hormaty, goňşara gatnaşygy, uzak ýola gidende ýoldaşydyr.

Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumynda öndürilen ýokary hilli unaş önümlerini, çörek we köke önümlerini, topluma degişli bolan Altyn däne söwda dükanynyň üsti bilen halka hödürleýär